Türkmen döwlet bina­gärlik-gurluşyk inst­ituty talyplaryň arasynda ders bäsleşikleri geçirer ​

Türkmen döwlet bina­gärlik-gurluşyk inst­ituty talyplaryň arasynda ders bäsleşikleri geçirer  ​
Makalalar
12.09.2023, 10:13
148
0
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty talyplaryň arasynda ders bäsleşikleri geçirer ​

2023-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda kompýuter grafikasy we elektrotehnika dersleri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçiriler. Bu barada turkmenistan.gov.tm habar berdi.

Bäsleşikler Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda onlaýn, şahsy bäsleşik görnüşinde alnyp barylar.

Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öz ýokary okuw mekdebinde iň gowy netije görkezen 3 talyp çagyrylar. Bäsleşikler türkmen dilinde geçirilip, meseleleri çözmek üçin 120 minut wagt berler.

Bäsleşikleriň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Bally Annaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0