Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Makalalar
12.09.2023, 14:58
438
0
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragy — türkmen halkynyň dünýä ýüzüne ebedilik şugla salyp durjak parlak ýyldyzy. Onuň eserleriniň gadyr-gymmaty ýyllar geçdigiçe artmak bilen, ýyllar geçdigiçe täze öwüşginlerde lowurdamak bilen. Halkymyzda haýsydyr bir zatdan söhbet açylanda, «Magtymguly şeýle diýipdir», «Magtymguly aýdypdyr-a» diýen ýaly sözler bilen beýik akyldara salgylanylmagy däp ýaly, dessur ýaly bir zada öwrülip galypdyr. Türkmen hemişe Magtymgula ýüzlenýär, dana şahyryň arassa ahlaklylyga, päklige, halallyga, edep-terbiýä çagyrýan paýhaslaryny gündelik durmuşynda ýörelge edinýär. Söz ussady:

«Il-günüme bagş etdim,

Zyban içre asalym» —

diýip, kalbyndan syzylyp çykan paýhasyny, yhlas-zehinini eziz iline, jandan söýen ýurduna bagyş edendigini nygtaýar.

Watanyna nusgalyk derejede buýsanan, guwanan, şygyrlarynda umumadamzada dahylly meseleleri gozgan akyldarymyz özboluşly, ajaýyp bir şahyrana dünýäni döredipdir. Onuň eserleri arkama-arka aýlanyp, şol döwürlerde ajaýyp geljek üçin göreşenlere ýol-ýörelge bolupdyr.

Abdulla Annagylyjow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0