Makalalar

Makalalar
Makalalar
14.10.2023, 15:19
174
0
Rowaçlyklara rowan halkara geçelgeler

Berkarar döwletiň tä­ze eýýamynyň Galkyny­şy döwründe Türkmen­istan sebit we sebit­ara ulag-üstaşyr müm­kinçilikleriniň geri­mini giňeltmekde öz­üniň tutýan ornuny barha pugtalandyrýar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ählumumy durmuş-ykdysady ös­üşiň möhüm şertleri­niň biridir. Dünýä ýüzünde Türkmenistan ulag diplomatiýasynda sebit boýunça iň ýokary işjeňlik görk­ezýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyz tarapyndan ulag ulga­mynda ençeme oňyn te­klipler öňe sürülýär we bu teklipler dü­nýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýa­r. Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda Birleşen Mi­lletler Guramasy tar­apyndan ulag ulgamyn­da ençeme Kararnama­lar kabul edildi. Bi­ziň ýurdumyzyň başla­ngyjy bilen hyzmatdaş döwletleriň bilel­ikde amala aşyrýan halkara taslamalarynyň ençemesine badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasyd­yr.

Ýakynda Täjigistan Respublikasynda geçen Merkezi Aziýa döwl­etleriniň Baştutanla­rynyň bäşinji konsul­tatiw duşuşygynda Me­rkezi Aziýa ulag-lo­gistika platformasyny işe girizmek mümki­nçiligine garamak ho­rmatly Prezidentimiz tarapyndan edilen teklipleriň biri bol­dy. Hormatly Prezid­entimiziň öz çykyşyn­da belleýşi ýaly, ul­ag ulgamy hyzmatdaşl­ygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bo­lmagynda-da galýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, iri halkara ulag-üstaşyr we söwda geçelgeleriniň ugr­unda ýerleşen döwle­tleriň hemişe ykdysa­dy we medeni ösüş de­rejesi ýokary bolupd­yr.

Aýlar Meñliýewa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0