Alma barada

Alma barada
Makalalar
27.05.2023, 01:49
190
0
Alma barada

Lukmanlar saglygymyz üçin miweleriň peýdasynyň örän uludygyna aýratyn ünsi çekýärler. Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma hem witaminlere we minerallara örän baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar.

Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar. Almanyň saglyga peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygy anyklanyldy.

Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň kynlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hem alma örän peýdalydyr. Alma iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramly bolmagy, süňklerimiziň berkligi üçin günde bir alma iýmek maslahat berilýär. Ýatmazdan öň alma iýmegiň rahat uklamak üçin ähmiýeti uludyr. Hytaý lukmançylygynyň taryhynda alma beden gyzgynlygyny düşüriji hökmünde hem giňden ulanylypdyr. Bu miwäniň düzümindäki käbir himiki birleşmeleriň bedendäki içegeleriň işjeňligini artdyrýandygy we zyýanly bakteriýalary ýok edýändigi aýratyn bellärliklidir.

Ýakup Rejepow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0