Awtoban

Awtoban
Makalalar
25.12.2022, 09:12
569
0
Aşgabat Türkmenbaşy awtobany
 
Awtobanlar tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýedir. Geljekki Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobol ýolunyň esasy aýratynlygy — ol diňe ýokary tizlik üçin niýetlenendir, şonuň üçin onuň taslamasy başga ugurlar, beýleki awtomobil ýollary ýa-da welosiped ýodalary bilen kesişmezligini göz öňüne tutýar.
 
Awtobanyň ugrunda taslama laýyklykda uly we kiçi köprüleriň 60-a golaýy hem-de ýerasty geçelgeleriň 70-den gowragy, şol sanda demir ýoluň üstünden geçýän köpri, beýleki ýollar bilen kesişýän ýerlerde, sil suwlarynyň akabalarynyň hem-de Garagum derýanyň üstünden geçýän köprüler bina ediler.
 
Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde demir ýol köprüsini hem-de ýorunja ýapragynyň görnüşindäki ýol aýrydyny gurmak meýilleşdirildi, ol awtobanyň ilkinji kilometrini awtomobil köprüleri bilen birleşdirer. Häzirki wagtda, geologiýa-geodeziýa işleri tamamlanandan soň täze guruljak ýoluň ugrunda topragy çykarmak we ýoly tekizlemek işleri alnyp barylýar.
 
Hereketi çaltlandyrmak ýa-da haýallatmak üçin sürüjiler ýoluň ýörite zolaklaryna geçerler. Mundan başga-da awtobanyň ugrunda turba görnüşli ýol aýrytlarynyň 9-sy bina ediler, olar ýokary tizlikli ýoly Arçman şypahanasy, Gökdepe, Serdar, Bereket, Balkanabat şäherleri, Belek we Ýangaja şäherçeleri bilen birleşdirer. Ýangaja şäherçesiniň (Balkan welaýaty) üsti bilen gurluşygy dowam edýän deňiz portuna baryp bolar, bu bolsa logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
 
Bu awtoban — ini 34,5 metr bolan üç zolakly ýol bolup, onuň gatnaw bölekleri biri-birinden ýörite bölüji zolak bilen bölüner. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, ganaw hem-de demir germewler oturdylyp, olar mallaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni alar. Ýol örtügi birinji derejeli boljak täze awtoban döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfaltbetondan, sintetiki örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunuň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat boljak ýol örtüginiň we köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylmagyny göz öňünde tutýar.
 
Taslama laýyklykda bu ýol iň ýokary standartlary hasaba almak bilen gurlar. Awtobanyň düzüminde gözegçilik kameralary bilen üpjün edilen ýol gözegçilik polisiýasynyň birnäçe nokatlary, tehniki hyzmatlar nokatlary, ýol hyzmat gulluklary göz öňünde tutular.
 
Awtobanyň her tarapyndan her elli kilometrden awtoduralgalar hem-de  sürüjiler we ýolagçylar üçin dynç alyş ýerleri peýda bolar. Olarda ýuwunmak üçin otaglar enjamlaşdyrylar. Ýoluň 201-nji we 420-nji kilometrlerinde dükanlary, restoranlary, myhmanhanalary, ýapyk we açyk awtoduralgalary, ýangyç guýujy beketleri we beýleki desgalary bolan dynç alyş merkezlerini gurmak göz öňünde tutulýar.
 
Awtobanyň ugrunda mahabat we maglumat germeçleri ýerleşdiriler, olar sürüjilere howa şertleri, ýoluň ýagdaýy hem-de tizlik barada habarlary berer. Her iki kilometrden telefon enjamlary sürüjileriň hyzmatynda bolar, olary ýol hyzmatlary gulluklaryny, ewakuator, ýol gözegçilik polisiýasyny çagyrmak üçin peýdalanmak bolar.
 
Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanynyň gurulmagy logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr-ulag düzümini giňeltmäge, goňşy ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygyny, Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen harytlaryň eksportyny hem-de üstaşyr geçirilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Myrat Saparlyýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2242
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1605
0