Towsanlar barada

Towsanlar barada
Makalalar
26.12.2022, 16:27
595
0
Suwsuz, gurak çöllerde ýaşamaga uýgunlaşan towşanlar diýseň gorkajykdyr. Aý-aýdyň gijelerde towşanlar ýelken ýaly galgap duran gulaklarynyň kölegesindenem ürküp bilýärler. Olaryň gulaklary örän eşitgir bolup, tomsuň jöwzaly yssysynda, gyşyň aňzakly sowugynda bedenleriniň gyzgynlygyny sazlap durmaga ýardam edýär.

Biologlaryň aýtmagyna görä, bu jandarlar towşan şekilliler maşgalasyna degişli görnüşleriň arasynda iň kiçileriniň biridir. Onuň göwresiniň uzynlygy 50 ― 55 santimetr, agramy bolsa 2-2,5 kilograma barabardyr. Towşanlar örän ejiz bolansoň, duşmanlaryndan hemişe gaçyp gutulmaly, sap atmaly, busup ýatmaly ýa-da aýak yzlaryny bulaşdyrmaly bolýarlar. Uzyndan ýyndam aýaklary bolansoň, hine girip ýatmak towşanlar üçin oňaýsyzdyr. Towşanlaryň sütük örtügi topragyň reňkine meňzeşdir. Şol sebäpli-de busup ýatan towşany ýyrtyjylar kän bir saýgarybam bilmeýärler. Ir ertir, giç agşam, esasan-da, gijelerine otlamagy towşanlaryň köp duşmanlaryndan gizlenmegine ýardam edýär.

Ata-babalarymyz towşanyň erkegine ― ziňňirt, ene towşana ― maral, olaryň çagalaryna bolsa ― çebşek diýipdirler.Towşan howa şertleriniň amatly bolan ýyllarynda ýylda iki-üç gezek çebşekleýär. Her gezek köpelende, çebşekleriň sany üçden bäşe çenli bolýar. Çebşekler gözleri açyk ýagdaýda dünýä inýärler. Olar 10 ― 12 günden soň, özbaşdak otlamaga başlaýarlar, 7-8 aý geçenden soňra ýetişip, uly towşanlaryň hataryna goşulýarlar.

Umuman, towşan halal aw jandary hasaplanýar. Onuň eti diýseň tagamly we siňňitlidir. «Towşana dogduk depe» diýlişi ýaly, bu janawarlar hemişe dogan we önüp-ösen ýerlerinde ýaşaýarlar. Gorkup, ürküp gaçyp gitselerem, ýene-de ýaşan ýerlerine dolanyp gelýärler.

Bars ýylyndan soň, türkmeniň döwletli ojagyna towşan ýyly gadam basýar. Towşan ýylynda doglanlar rahat, arkaýyn bolýarlar. Etjek işlerini «Ýedi ölçäp bir kesýärler». Olar örän özboluşly, işe ukyply, salyhatly, ak göwünli bolup, töweregindäkileri hormatlamagy başarýarlar. Tertip-düzgüni, kada-kanuny berk berjaý edýärler. Towşan ýyly türkmenlerde gowy ýyl hasaplanylýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Annamyrat Nepesow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0