Rowaç menzillere uzaýan rowana ýollar

Rowaç menzillere uzaýan rowana ýollar
Makalalar
14.10.2023, 16:14
227
0
Rowaç menzillere uzaýan rowana ýollar

 

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze innowasion ugurlarynda, senagatda, logistikada, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda, ylmy-tehnologik we maýa goýum gatnaşyklarynda döwrebap taslamalaryň amala aşyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösüşlerine uly itergi berdi. Şol taslamalar tutuş ýurdumyzyň çäginde giň gerimde amala aşyrylýar. Şeýle mysallaryň hatarynda dünýäniň çar ýanyna uzaýan ýerüsti we howa ýollarynyň, döwrebap menzilleriň gurlandygyny görkezmek bolar. Bu bolsa häzirkizaman ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmäge uly goşant boldy. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde kämil ulag-aragatnaşyk düzüminiň ähmiýeti iňňän ýokarydyr. Şu ulgamyň üsti bilen dünýä bilen ýakyn aragatnaşyk etmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň amatly şertleri üpjün edilýär. Türkmenistan Ýewraziýa sebitiniň esasy haryt-ulag gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, möhüm üstaşyr-ulag geçiriş we kommunikasiýa merkezi bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň özara bähbitli döwletara we sebitara ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine, ýükleriň we ýolagçylaryň üstaşyr geçirilişiniň çaltlandyrylmagyna uly goşant goşýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamynyň düýpli we toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy we bu ugurda ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistany sebitde öňdebaryjy orunlara çykarýar. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň ösmeginiň we onuň dünýä hojalygyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertidir. Kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň her birinde diýen ýaly ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlary anyk kesgitlenilýär. Şolara laýyklykda ýurdumyzda häzirkizaman ulag üpjünçilik ulgamlaryny durmuşa işjeň ornaşdyrmak boýunça işler bökdençsiz durmuşa geçirilip, awtomobil ýollaryny, demir ýollary we degişli inžener-tehniki desgalary gurmak boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu taslamalar geljekde-de halkara söwdasynyň, şeýle hem sebit we sebitara ähmiýetli ulag ulgamynyň netijeli ösüşine itergi berer.

 

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýol gurluşyk taslamalarynyň iň irileriniň biri-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanydyr. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bolsa bu ýolyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygy uly depginlerde alnyp barylýar.

 

Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurulmagy, ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini giňeltmäge uly mümkinçilik berer. Ýokary tizlikli bu awtoulag ýolunyň gurulmagy sebitiň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini ýokarlandyrmak bilen, harytlaryň uzak aralyklara çalt hem-de amatly daşalmagyna mümkinçilik berer. Çünki ol ýurdumyzyň üstaşyr logistika ulgamyny, işewürligi hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda ulag meseleleri bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Ýol, köpri gurmak sogap iş hasaplanylýar. Parahat ýurdumyzda halkymyzyň eşretli zamanada asuda ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän, ata Watanymyzy bedew batly ösüşler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli durmuşa geçirýän asylly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ybraýym Gurbanow

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0