Dillerde dessan Aşgabat

Makalalar
Dillerde dessan Aşgabat
Mähriban halkymyz ýene-de sanlyja günlerden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna uly zähmet sowgatlary bilen barýar. Gahryman Arkadagymyzyň köpugurly ýörelgeleri öz içine alýan şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde gözel görke eýe bolan ak şäherimiz Aşgabatda hem şu günlerden mukaddes toýa uludan taýýarlyk görülýär. Gözel paýtagtymyz dünýäde iň owadan, arassa, milli binagärlige we ajaýyp seýilgählere, täsin tebigata, suw çüwdürimlerine baý şähere öwrüldi. Her bir gurulýan täze binalar toplumy, olaryň töwereginiň täsin abadanlaşdyrylyşy, arassalygy ak şäherimiziň binagärlik gözelligini has-da baýlaşdyrýar.
Paýtagtymyzda gysga döwürde möçberi we ähmiýeti jähetden bitirilýän beýik işler, döredilýän gözellikler, köpugurly şertler, arassaçylyk her bir adamy, hatda çagalar bagyna gatnaýan körpe nesli hem biparh goýmaýar. Şunda paýtagtymyzyň ajaýyp binagärligi bilen bir hatarda, arassaçylygy köpleriň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyza gelýän jahankeşdeler hem paýtagtymyzy açyk meýdanda gurlan muzeýe deňeýärler.
Ýunus Sallyýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...