Teletin torbalary

Makalalar
Teletin torbalaryň ösümliklerden öndürilip başlanandygy barada eşidipmidiňiz? Bu torbalar ysy we durky boýunça haýwan derisinden ýasalan «kowumdaşlaryna» juda meňzeş. Bir aýratynlygy hem olaryň miwelerden we gök önümlerden ýasalanlygydyr.
Bu açyş Niderland Patyşalygyndaky bezegçi-dizaýnerlere degişlidir. Täze torba «Rotterdam Fruitlizer» diýlip atlandyrylýar. Adyndan belli bolşy ýaly, dizaýnerler torbanyň bu görnüşini Rotterdam şäherindäki bazarlardan ýygnalan miwe galyndylaryndan taýýarladylar.
Bu işiň netijesinde daş-töweregi zyýanly galyndylardan halas etmek meselesi oňyn çözülýär. Dizaýnerleriň indiki maksady bu galyndylary dokma önümçiliginde hem ulanmakdan ybarat. Ilkinji synag halta, açar halkasy, oturgyç ýaly önümler boldy. Dizaýnerler bu önümleriň sanyny geljekde has hem köpeldip boljakdygyny aýdýarlar. Geljekde öndürilen emeli teletiniň dokma önümlerinde hem ulanyljakdygy çaklanylýar. Olaryň pikirine görä, bu önümleri eksport hem edip bolar.
Syhmyrat Meläýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...