Halkara Bitaraplyk güni baýramlaryň sere­sidir.

Halkara Bitaraplyk güni baýramlaryň sere­sidir.
Makalalar
05.12.2023, 23:04
352
0
Türkmenistan ähli döwletler bilen hoşmeýilli gatnaşyklary saklaýar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde häzirki zamanyň iri meselelerini çözmäge döredijilikli gatnaşýar. Netijede, Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny alyp barmakda örän uly üstünlikler gazandy. Diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde-de möhüm ykdysady we syýasy hyzmatdaş ýurt hökmünde ykrar edildi. Döwletimiziň halkara abraýy belende galdy, türkmen halkynyň ady bütin dünýä ýaýrady. Gözel paýtagtymyz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edildi.

Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy saklamak üçin halklary agzybir ýaşamaga çagyrýar. Ýakyn-u-alys ýurtlar bilen ylalaşykly ýaşamak, dostana gatnaşyklary berkitmek, beýleki ýurtlaryň içki işine goşulyşmazlyk ýoluny saýlap alan Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýoly bilen gyşarnyksyz öňe barýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki gün pajarlap ösýär. Ýurt asuda, il parahat, halk bagtyýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz —–Aşgabat lowurdap duran ak mermere beslenen şähere öwrüldi. Ýurdumyzda gurulýan desgalar, täze ýaşaýyş ýa-da edara binalary özüniň owadanlygy, amatly gurluşy bilen göreni haýrana goýýar. Soňky ýyllaryň dowamynda türkmen paýtagtynda gurlan desgalaryň birnäçesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu bolsa türkmen halkynyň iň owadan, gözel şäherde, ajaýyp ýurtda ýaşaýandygyny görkezýän hakykatdyr. Şeýle täsirli we buýsandyryjy wakalaryň döwrümizi bezemeginde, ildeşlerimiziň döredijilikli işläp, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatynyň uly ornunyň bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Bu hakykat soňky ýyllaryň içinde biziň her birimiziň ýüregimize, kalbymyza siňip, türkmen halkyny täzeden-täze üstünliklere ruhlandyrýar, täze ösüşlere badalga berýär.

Halkara Bitaraplyk güni baýramlaryň seresidir. Çünki Garaşsyzlyk hem-de hemişelik Bitaraplyk — bu biziň bagtymyzdyr.

Elhan Atanyýazow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0