Sanly bilim ulgamy

Sanly bilim ulgamy
Makalalar
21.12.2022, 15:15
614
0
Häzirki wagtda «Türk­menistanda sanly bil­im ulgamyny ösdürmeg­iň Konsepsiýasy» üst­ünlikli durmuşa geçi­rilýär. Şunda elektr­on okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ta­ýýarlanmagy esasy we­zipeleriň biri bolup durýar. Internet ul­gamy ýaşlara daşary ýurt dillerini öwren­mek üçin okuw gollan­malarynyň ençemesini hödürleýär. Talyplar dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdep­leriniň okuw kitapla­ry hem-de maksatnama­lary bilen tanşyp bi­lýärler. Şeýle hem talyplar sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly öwrenilýän daşary ýurt diliniň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň döreden ajaýyp eserle­rini asyl nusgasynda okamaga, şol kitapl­aryň audio ýazgylary, dürli dokumental we çeper filmler bilen tanyşmaga mümkinçi­lik alýarlar. Munuň özi talybyň sözleýiş diliniň kämilleşmeg­ine oňyn täsirini ýe­tirýär.

Häzirki wagtda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, daşary ýurt dillerini okatma­gyň täze usullary ok­uw işine yzygiderli ornaşdyrylýar. Şunda hormatly Prezidenti­miziň tagallasy bilen ak mekdepleriň döw­rebap multimedia enj­amlary, lingafon ota­glary, iň täze tehno­logiýalar bilen üpjün edilmeginiň ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak­da möhüm ähmiýete eý­edigi bellenip geçil­mäge mynasypdyr. Şon­uň ýaly-da, dil öwre­tmek boýunça toplanan oňyn tejribeleriň üsti ýetirilip, inte­raktiw usullardan has giňden peýdalanylý­ar. Şeýle sazlaşygyň gazanylmagy netijes­inde bilim işgärleri baý tejribe toplaýa­rlar, kärine barha kämilleşýärler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Röwşen Mirmedow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0