Pyragy — türkmeniň ruhy hazynasy

Pyragy — türkmeniň ruhy hazynasy
Makalalar
13.11.2023, 13:29
499
0
Pyragy — türkmeniň ruhy hazynasy

​ ​ Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýä hakyndaky oýlanmalary, dünýä düşünjeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde günbe-günden kämilleşip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýar. Şahyr her bir ynsanyň kalbynda belent adamkärçilikli ýaşamagyň nusgasy hökmünde kabul edilýär. Şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda orun aldy.

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Halkara derejesindäki ýokary guramaçylykly geçiriljek bu çäräniň dowamynda dürli medeni duşuşyklaryň, dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda ýadygärliginiň dikeldilmegi, edebi mirasynyň öwrenilmegi üçin hem uly tagallalar edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň edebiýaty we sungaty ajaýyp ruhy gymmatlyga öwrüldi. Muny akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi arkaly aýdyň görmek bolýar. Halkymyzyň ruhy we medeni baýlyklaryny aýawly saklmaga, olary öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Agajan Taganow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0