Göwünleri joşduran hoş habar

Göwünleri joşduran hoş habar
Makalalar
08.11.2023, 11:41
193
0
Göwünleri joşduran hoş habar

Türkmen halkynyň Mil­li Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasat­ly başlangyçlary bil­en kämil şähergurluş­yk-binagärlik keşbine eýe bolan ak merme­rli paýtagtymyzy mun­dan beýläk hem ösdür­mek işleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaş­lar ýylynda batly de­pginler bilen dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taý­syz tagallalary bilen bu günki gün Aşgab­at şäheriniň halkara abraýy barha ýokarl­anýar. Ýakynda, has takygy, 31-nji oktýa­brda paýtagtymyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meselele­ri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň dö­redijilik şäherlerin­iň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizile­ndigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşma­gy ähli halkymyzy bu­ýsandyran wakalaryň birine öwrüldi.

Aşgabat şäheriniň öz­boluşly, milli binag­ärlik ýörelgeleri bi­len häzirki zaman şä­hergurluşyk tehnolog­iýalarynyň sazlaşykly utgaşan keşbiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyk­lanma eýe bolýandygy­ny aýratyn bellemek gerek. Paýtagtymyzyň halkara derejesinde dizaýn şäheri hökmü­nde ykrar edilmegi hem munuň aýdyň subut­namasy bolup durýar. Bilşimiz ýaly, merj­en şäherimiz birnäçe binalary bilen birl­ikde Ginnesiň Bütind­ünýä rekordlar kitab­ynda ençeme gezek my­nasyp orun aldy. Paý­tagtymyzyň häzirki ýeten belent derejele­ri, Aşgabady dünýäniň has ösen we ýaşamak üçin amatly şäherl­eriniň hataryna çyka­rmak işleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Ark­adagly Gahryman Serd­arymyzyň taýsyz taga­llalarynyň, durmuşa geçirýän beýik işler­iniň guwandyryjy net­ijeleridir. Amal edi­lýän şeýle belent ma­ksatlar bolsa her bir türkmenistanlyny guwandyrýar, buýsandy­rýar.

Öwläguly Sähedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0