Aýdyň geljegi nazarlap

Makalalar
Aýdyň geljegi nazarlap
Tutuş ýurdumyz boýunça iri möçberli gurluşyklary alyp barmak indi däbe öwrülip gitdi. Hut şu babatda ak mermerli ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günsaýyn özgerýän keşbini mysal getirmek bolar. Paýtagtymyzda ýola goýlan giň möçberli alnyp barylýan özgertmeler, köpugurly gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylmagy Aşgabadyň halkara syýasy işewürlik, medeni we syýshatçylyk merkezine öwrülmegine getirildi. Şol bir wagtyň özünde-de bu ugurdan alnyp barylýan işler gözel şäherimiziň görküne görk goşup, ony dünýä ýüzünde nusgalyk şähere öwürdi.
Ýakyn wagtlarda gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýan täze desgalardan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, “Parahat-7” ýigrimi üç sany ýaşaýyş jaýyny, kuwwatlylygy bir ýüz elli müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany görkezmek bolar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyndan habar berýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Yhlas Döwranow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...