Ýurdumyzyň ýol-ulag infrastrukturasy

Ýurdumyzyň ýol-ulag infrastrukturasy
Makalalar
12.09.2023, 10:43
166
0
Ýurdumyzyň ýol-ulag infrastruktura­sy

Häzirki wagtda Awtom­obil ýollarynyň gurl­uşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agen­tliginiň ýolgurluşyk edara-kärhanalary tarapyndan umumy uzyn­lygy 1676 kilometr bolan durky täzelenýän döwlet ähmiýetli Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Garagum — Daşoguz awtomobil ýollarynyň gurluşyk işleri ýerine ýetiri­lýär. Ýükleriň we ýo­lagçylaryň üstaşyr geçirilmeginiň halkara derejede hem-de ýo­kary hilli bolmagyny gazanmak maksady bi­len, uzynlygy 600 ki­lometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurlu­şyk işleri doly tama­mlanyp, 2021-nji ýyl­yň 29-njy oktýabrynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Şeý­le hem uzynlygy 252 kilometre deň bolan Türkmenbaşy — Garabo­gaz — Gazagystan ser­hedi, uzynlygy 544 kilometr bolan Türkme­nabat — Gazojak — Da­şoguz, uzynlygy 330 kilometre deň bolan Mary — Serhetabat, uzynlygy 307 kilometr bolan Gumdag — Esen­guly — Etrek — Gidro­lum awtomobil ýollar­ynyň gurluşyk işleri­ni ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

2022-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenb­aşy — Garabogaz — Ga­zagystanyň serhedine çenli barýan awtomo­bil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagyn­yň üstünden geçýän täze awtomobil köprüs­iniň düýbi tutuldy. Uzynlygy 252 kilometr bolan awtomobil ýo­lunyň ugrunda Garabo­gazköl aýlagynyň üst­ünden geçýän uzynlygy 354 metr, ini 21 metr, iki gatnawly 2 sany hereket zolagyn­dan ybarat bolan awt­omobil köprüsiniň gu­rluşygyny 2024-nji ýylda tamamlamak meýi­lleşdirilýär.

Emin Bajykow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0