Sanly bilim ulgamy we innowasion tehnologiýa

Sanly bilim ulgamy we innowasion tehnologiýa
Makalalar
05.10.2023, 15:48
270
0
Sanly bilim ulgamy we innowasion tehnolo­giýa

 

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentim­iziň taýsyz tagallal­ary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işl­er uly ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowas­ion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hi­lini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aý­ratynlyklarymyzy göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylý­ar.

 

Häzirki wagtda «Türk­menistanda sanly bil­im ulgamyny ösdürmeg­iň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýu­nça işler alnyp bary­lýar. Ony durmuşa ge­çirmegiň birinji tap­gyrynda meýilleşdiri­len çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary ok­uw mekdeplerinde hün­ärmenler, professor-­mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarap­yndan sanly bilim ul­gamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bil­im portallary işlenip taýýarlanyldy. San­ly bilim portaly ele­ktron poçta, elektron resminama, uzak ar­alykdan bilim almak, ylmy işler, okatmag­yň elektron serişdes­i, bäsleşikler, olim­piadalar, maslahatla­r, forumlar, okuw ki­taplary, okuw gollan­malary, sözlükler ýa­ly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojakl­arynda sanly tehnolo­giýalaryň, ýokary ti­zlikli internet ulga­mynyň giňden ornaşdy­rylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň aras­ynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşl­yk edilýän daşary ýu­rtlaryň ýokary okuw mekdepleri, iri ylym­-bilim merkezleri bi­len uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygid­erli guralýar.

 

Suraý Orazowa

 

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0