Gok cay

Gok cay
Makalalar
21.12.2022, 15:39
579
0
Gök çaý adam bedeniniň ähli ulgamlaryna we beden agzalaryna oňaýly täsir edýär. Ol immun ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, aşa semizlik bilen göreşmäge kömek edýär, ýürek-damar, böwrek keselleriniň öňüni alýar.

* * * Gök çaý beýni damarlarynyň gysylmagyny aradan aýyrýar, nerw dartgynlylygyny gowşatmaga ýardam edýär.

* * * Süýtli gara çaýa azrak gara burç bilen bal garyp içseňiz, ol dümewden açylmagyňyza kömek eder.

* * * Demini alan sowuk çaý bilen ýüzüňizi ýuwsaňyz, ýüzüňiz nurlanar.

* * * Gury çaýy mazaly owradyp, ezip, ony ýanan ýeriňize ýapsaňyz, ýarany tiz bitirýär.

* * * Ulag çaýkanda ýa-da başga bir zat sebäp bolup ýürek bulananda gury çaý çeýnelse, haýry deger.

* * * Mylaýym çaýa öllenen pamygy gabaklaryňyza goýsaňyz, wagtyndan öň ýygyrt atmagynyň öňüni alar.

* * * Ajy çaý bitmeýän ýaralara oňat täsir edýär. Munuň üçin arassa hasany ýyly çaýa ölläp, ýara ýapmaly.

* * * Ajy çaýyň yzygiderli içilmegi aşgazandaky we on iki barmak içegedäki ýaralaryň bitmegine hem kömek edýär.

* * * Unutmaň! Dermanlary diňe suw bilen içmelidir. Çünki derman çaý bilen içilende, ol eremeýän birleşmeleri emele getirýär-de, aşgazanda çöküp galýar.

* * * Aşhanadaky iýmit saklanylýan tekjelere kofe dänelerini goýsaňyz, ýakymsyz yslar bolmaz.

* * * Syrçaly gap-gaçlary naşatyr spirti goşulan sabynly suwa ýuwsaňyz, olar gowy arassalanar.

* * * Süýt gaýnadylanda ýanmaz ýaly, oňa bir bölejik gant atyň.

* * * Şetdalynyň gabygyny ýeňil aýyrmak üçin, ony gaýnap duran suwa batyrmaly.

* * * Limon suwy siňdirilen et yssy günlerde-de täzeligini ýitirmez.

* * * Kömelekler arassalananda garalmaz ýaly, olary az-owlak sirke garylan sowuk suwly pitide saklamaly.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Oraz Aganazarow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0