Megapolis — giň mümkinçilikleriň meýdany

Megapolis — giň mümkinçilikleriň meýdany
Makalalar
06.09.2023, 13:55
182
0
Megapolis — giň mümkinçilikleriň meýdany ​

«Akylly» şäherde döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan dolandyryş, işewürlik, durmuş, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýleki pudaklaryň döredilmegi ykdysadyýetiň täze «ösüş nokadynyň» kemala gelendiginden habar berýär.

Dünýäde döwletleriň «akylly» şäher başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ählumumy meseleleri çözmäge, wagty we dürli tebigy serişdeleri ykdysady taýdan tygşytlamaga hem rejeli ulanmaga ýardam berýär. Şäher infrastrukturasy onuň sanlylaşdyrylmagynyň derejesini kesgitlemekde esasy görkeziji bolup durýar. Häzirki döwürde şäher infrastrukturasyny mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak ugrunda dünýä ýurtlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Jaýlary awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrmagyň üstüniň täze gurallar we wirtual kömekçiler bilen doldurylmagy soňky döwürde sanly çözgütleriň has köp durmuşa geçirilmegini şertlendirdi. Şunda ilat nokatlarynyň döredýän mümkinçilikleri, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesi we elýeterliligi, howpsuzlygy, mobillik we ösüşiň geljekki ugurlary ýaly ykdysady we tehnologik görkezijilere aýratyn üns berilýär.

Ýakup Annabaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0