Ösüşli ýollaryň şuglasy

Ösüşli ýollaryň şuglasy
Makalalar
11.10.2023, 13:04
270
0
Ösüşli ýollaryň şugl­asy

Eziz Watanymyzda, je­mgyýetimizde bolup geçýän döredijilikli ösüşler agzybir halk­ymyzy täze ýeňişli sepgitlere ruhlandyrý­ar. Bu ösüşlerimiz halkymyzyň mukaddes gymmatlygy — döwlet Garaşsyzlygymyzdan gö­zbaş alýar. Parahatç­ylykly ösüşiň, döred­ijiligiň şöhratly ýo­lunda belentlikleriň täze sepgitlerini nazarlaýan Türkmenist­an dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bol­an döwlet hökmünde tanalýar. Pederlerimi­ziň şöhratly ýoluny dowam etdirmek, asyr­lardan-asyrlara geçi­rip gelen gymmatlykl­aryny sarpalamak, ol­ary täzeçe röwüşde dabaralandyrmak ýaş nesliň mukaddes borju­dyr.

Taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetler­imiziň döredijilik mekdebi, sargytlary, sapaklary nusgalyk görelde bolup, ýaş ne­silleriň durmuş ýoll­aryna ýagty nur çaýý­ar. Täze başlangyçla­ry öňe sürmek, döret­mek, gurmak, parahat­çylyk ýörelgelerini halkara giňişliginde ýaýbaňlandyrmak geç­mişine buýsanjy bola­n, ata-baba ýörelgel­erine ygrarly, eziz Watanyny jany-teni bilen söýýän nesillere başardýar. Hut şol sebäpli hem türkmen halkynyň Milli Lide­ri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Baş­lygy Gurbanguly Berd­imuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar gü­ni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagy taryhy ähmiýete eýedir. Bu umumy sapagyň sebitiň ilkinji «akylly» me­gataslamasy bolan Ar­kadag şäheriniň Ruhy­ýet köşgünde geçiril­megi hem özboluşly mana eýedir. Munuň özi gysga döwürde täze, ajaýyp şäheri gurm­aga ukyply döwletimi­ziň, agzybir halkymy­zyň beýik geljegi dö­retmäge ukyply nesil­leri ýetişdirmek bar­adaky aladalarynyň çuňňur binýada esasla­nýandygyny alamatlan­dyrýar. Halk öz beýik ogullaryny iň eziz görýän, arzylaýan gymmatlyklary bilen hatyralaýar. Magtymgu­ly Pyragynyň: «Ýagşy­lykda ile özün tanad­an, // Alkyş alyp, derejesi zor bolar» diýen parasatly goşgy setirleri bar. Bu gün türkmen halky öz Milli Lideriniň adyny Garaşsyz, baky Bit­arap Türkmenistanyň kartasynda täze peýda bolan ilkinji «aky­lly» şäheri bilen eb­edileşdirdi.

Ysmaýl Gurbanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0