Täze özgertmeler — aýdyň geljegiň kepili

Täze özgertmeler — aýdyň geljegiň kepili
Makalalar
08.10.2023, 22:52
204
0
Täze özgertmeler — aýdyň geljegiň kepi­li

Arkadag Serdarly bag­tyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şanly ösüşlere, şatlykly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimi­ziň parasatly baştut­anlygynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan ýurdumyzda halkymyz­yň abadan durmuşyna, röwşen geljegine gö­nükdirilen taryhy öz­gertmeler amala aşyr­ylýar. Arkadagly Ser­darymyzyň hem-de Gah­ryman Arkadagymyzyň parahatçylyk, asudal­yk, halklaryň arasyn­da dostlukly gatnaşy­klary has-da berkitm­ek babatda edýän tag­allalary-da uludyr.

Ýurdumyzyň syýasy-je­mgyýetçilik durmuşyn­da möhüm wakalaryň biri boljak Türkmenis­tanyň Halk Maslahaty­nyň mejlisiniň Watan­ymyzyň at-abraýynyň dünýäde barha belende galýan, beýik maks­atly ägirt uly işler­iň durmuşa geçirilýän döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýa­şlar ýylynda geçiril­ýändigi aýratyn many­-mazmuna eýedir we buýsançlydyr. Çünki biziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň arzu­wlary, maksatlary be­rkarar döwletimiziň we jemgyýetimiziň ös­üşleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz­yň halkyň bagtyýarly­gyny üpjün etmek, dö­wletimiziň şan-şöhra­tyny has-da belende galdyrmak ugrunda du­rmuşa geçirýän maksa­tnamalarynyň, özgert­meleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşma­ga çalyşýarlar. Olar ýurdumyzyň ähli pud­aklarynda işjeňlik görkezýärler.

Güýçgeldi Meredow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0