Doganlaşýan şäherler

Doganlaşýan şäherler
Makalalar
13.03.2023, 13:35
338
0
Doganlaşýan şäherler

Metbugat habarlarynda peýda bolşuna görä, golaýda Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň Fransiýanyň Mezon-Lafyt şäheriniň häkimi Žak Mýard we “Fransiýa – Türkmenistan” dostluk assosiýasynyň başlygy Kristian Birdeý bilen duşuşygynyň bolandygyny habar berilýär. Duşuşykda Mezan-Lafit şäheri bilen Arkadag şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

Şäherleriň köp babatda biri-birine meňzeşlikleri bar. Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinden on dokuz kilometr aralykda ýerleşýän Mezan-Lafit şäheri ýörite Atçylyk işi üçin ýöriteleşdirilen şäherdir. Şol bir wagtyň özünde-de Fransiýanyň taryhy şäherleriniň biri bolmak bilen Ýewropa sebitinde iň uly at aýlawy hem şu şäherde ýerleşýär.

Arkadag şäherinde bolsa, atçylygy ösdürmäge degişli desgalaryň – Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň, welaýat atçylyk sirkiniň we Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Aýhan bedewiniň heýkeliniň gurulýandygy iki şäheriň arasyndaky umumylykaryň bardygynyň nyşanydyr. Şonuň üçinem Fransiýa tarapy bu başlangyjy goldady. Bizem bu doganlygyň şäherleriň geljegi üçin dowamly bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Gurban Rejepow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0