Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Makalalar
10.02.2023, 15:01
943
0
Akyldar şahyr

Türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragyny köpler şahyr hökmünde tanaýarlar. Ýöne ol şahyrlyk bilen bir hatarda weli derejesine ýeten ulamadyr. Ol diňe bir yslam ylmyny bilmek bilen çäklenmän, şondan dogry netije çykaryp, bolany, boljak-geljegi öňünden aýtmagy başaran welidir.

Magtymguly özünden öňki we soňky döwürlerde gaýtalap bolmajak kalp keramatyna eýe bolan danyşmentdir. Şonuň üçin onuň her bir aýdan sözlerini adamlar doga ýaly kabul edipdirler. Aýdan pikirleri halklaryň arasynda nakyla öwrülip gidipdir.

Şonuň üçinem şahyryň döredijiligine, onuň eserlerine döwürlerem, asyrlaram, syýasatlaram, jemgyýetlerem täsir edip bilmändir. Hak sözüň ykbaly şeýle-de bolmaly.

Magtymguly Döwletmämmet Azadynyň ogludyr. Şonuň üçin onuň ussady welilik derejesine ýeten öz kakasydyr. Olar Gürgen derýanyň boýunda Hajygowşan diýen ýerde ýaşap, türkmenleriň gökleň urugyndan bolupdyr.

Geljekgi akyldar şahyr başlangyç bilimi öz obalarynda alyp, esasy öz kakasyna şägirt bolupdyr. Ol soň Buharadaky “Gögeldaş” medresesinde iki ýyl okaýar. Soňam Hywadaky “Şirgazy” medresesinde okuwyny dowam etdiripdir.

Ylymdan ýüküni tutan şähyr öz iline dolanyp, ol ýerde çagalary okatmak bilen meşgul bolupdyr.

Türkmenistaniñ inžiner tehniki we ulag kommunikasiýalar inistitutyñ talyby Alymerdan Amangeldiýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0