Bilimler şäheri

Bilimler şäheri
Makalalar
11.10.2023, 07:00
265
0
Bilimler şäheri

Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda binýat eden kämil sungat eseridir. Bu şäher «Geljegiň şäheri», «Bilimler şäheri», «Ýaşlaryň şäheri» ýaly onlarça atlar bilen atlandyrylyp, olaryň ählisi-de tüýs jüpüne düşen atlardyr.

Milli Liderimiz: «Biz bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli nesli ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris» diýip, örän jaýdar belleýär. Muňa Arkadag şäheri bilen baglanyşykly aýdan mysallarymyz aýdyň subutnama bolup, aýratyn buýsandyryjy ýagdaý, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň taryhyna, ýaş nesliň borçlaryna bagyşlanan umumy sapagy geçdi.

Bu taryhy waka ählimiziň şatlygymyzy goşalandyrmak bilen, özüniň owadanlygy we binagärlik-şähergurluşyk babatda gaýtalanmajak keşbi arkaly dünýä jemgyýetçiligini özüne çeken «smart-sitiniň» — Arkadag şäheriniň bilimler merkezidigini, ýaşlaryň we geljegiň şäheridigini ýene bir gezek görkezdi.

Mährijemal Gylyjowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0