Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly

Makalalar
"Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly"
şygary astynda geçýän şanly ýylda Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl bolýar. Türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilipdi. Şol ajaýyp sene ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň taryhynda täze döwrüň başlandygyny alamatlandyrdy. Geçen 30 ýylyň dowamynda manat halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döretdi».
Ösüşiň täze taryhy tapgyrynda bank işiniň döwrebap derejede ösmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler örän guwandyryjydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň ýola goýulmagy we kämilleşdirilmegi, bu ugurdaky işleriň geriminiň giňeldilmegi, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullarynyň, innowasion tehnologiýalarynyň bank işine giňden ornaşdyrylmagy, şeýle-de milli manadymyzyň hümmetiniň durnukly saklanmagy babatda buýsanmaga mynasyp tagallalary edýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň pul-karz syýasatynyň yzygiderli kämilleşmeginde, bank ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň barha pugtalanmagynda uly ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagy ugrunda alnyp barylýan giň göwrümli işler üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Altynaý Mämmedowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...