Binagärligiň ajaýyp nusgasy

Binagärligiň ajaýyp nusgasy
Makalalar
31.05.2023, 22:26
183
0
Binagärligiň ajaýyp nusgasy

 

Bu hakda gürrüň etmeli bolanda ýene-de täze gurulýan Arkadag şäheri hakynda aýdasyň gelýär. Her bir gurulýan binasy buýsanja öwrülen bu şäherde gurulýan ajaýyp binalaryň her biri aýratyn söhbete mynasyp. Çünki bu binalarda türkmen milli öwüşginleri bilen häzirki zaman binagärlik sungaty utgaşykly alnyp barylýar. Üstesine her bir gurulýan bina il bähbitli ynsanperwer ugurlara niýetlenen. Adamlara ajaýyp durmuşy bagş etmek maksadyndan gözbaş alýan binalar biziň buýsanjymyza öwrülýär. Bu diňe birinji tapgyry göz öňünde tutanyňda amala aşan işlerdir. Edil şeýle-de Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy göz öňünde tutulýan binalar hakynda meýilleşdirilýän meýilnama bilen tanyş bolanyňda munuň hakykatdygyna aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Diňe bilim ulgamy üçin niýetlenen 5 sany 720 orunlyk umumy bilim berýän mekdepleri, 9 sany 320 orunlyk çagalar bagyny gurlmaklygynyň meýilnamalaşdyrylmagy parlak gelejek, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin edilýän aladadyr.

 

Bu ýerde adamlaryň bagtly ýaşaýyşy üçin gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň köp ugurlydygy üçin, olar hakynda bir makalanyň dowamynda gürrüň etmek mümkin däl. Esasy zat Arkadag şäheri milli binagärligiň merjeni bolup dünýä nur saçýar.

 

Güljennet Sapargulyýewa

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0