Makalalar
06.03.2023, 18:29
437
0
Eýsem, D witamini be­dende nähili işjeňli­gi ýerine ýetirýär?

Onuň ýetmezçiligi ýa­-da kadadakydan arty­kmaç bolmagy bedende nähili patologik​ hadysalaryň ýüze çyk­magyna getirip bilýä­r? D witamininiň bar­lagyny geçirmek bile­n, bu sowallaryň jog­abyny aýdyňlaşdyrmak möhümdir.

D witamininiň alyş-çalşygynyň bozulmagy bedeniň gowşamagy, işdäniň peselmegi, bokurdagyň awuşamagy, agzyň ajamagy, agramyň peselmegi, görejiň kütelmegi, içiň ýellenmegi (meteorizm), bogunlaryň, kelläniň agyrmagy, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň haýallamagy we başga-da käbir alamatlar bilen ýüze çykýar. Çagalarda bedeniň ösüşiniň haýallamagy we igleme (rahit) keseliniň döremegi D witamininiň ýetmezçiligi bilen baglanyşyklydyr.

D witamininiň ýetmezçilik etmegine onuň Gün şöhlesi we iýmit arkaly az kabul edilmegi hem-de dürli sebäplere görä bedende doly özleşmezligi sebäp bolýar. Bedende D witamininiň ýeterlik bolmagyny gazanmak üçin her gün Gün şöhlesiniň ýiti däl wagtynda daşarda gezmelemeli, Gün şöhlesini kabul etmeli. D witaminine baý azyk önümlerini ýeterlik ulanmaly. Bu witamin peýnirde, bagyrda, sygyr etinde, ýumurtgada, süýt önümlerinde, balykda, işbilde, balyk ýagynda köp mukdarda saklanýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Hangeldi Atamuradow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2319
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1688
0