Ýaşlar Watanyň geljegi
![Ýaşlar Watanyň geljegi](/_ld/4/405.jpg)
Makalalar
Ýaşlar Watanyň geljegi
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sahawatly tylla güýzüniň ilkinji gününde diňe bilim ulgamynda ençeme döwrebap binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi, ençeme desgalaryň düýbüniň tutulmagy täze taryhy eýýamyň sahypalaryna zer harplar bilen ýazylan möhüm syýasy-taryhy ähmiýetli wakalardyr. Bu sahawata baý günde halkymyzyň çüwen ykbalynyň binýady goýulýar. Eýsem, bilimden, bilimli nesillerden zyýat binýat bolarmy?! Täze eýýamda ýaşlarymyza bildirilýän beýik ynam türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýaşlar bilen geçiren taryhy ähmiýetli umumy sapagyndaky: «Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde jemgyýetimiziň ähli ýaşdaky wekilleriniň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Hemişe nygtaýşym ýaly, biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr» diýen ajaýyp sözlerinde has hem aýdyň şöhlelenýär.
Bilim ulgamynda amala aşyrylýan işlere nazar aýlanyňda, täze taryhy eýýamda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Berkarar döwletimiziň daýanjy, ata Watanymyzyň, halkymyzyň guwanjy, baky bagtyýarlygymyzyň sarsmaz sütüni saýylýan ylymly-bilimli nesil hakynda yzygider alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Kerim Soýunow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen
![Talyplyk yyllary](http://zehinliler.com/_ld/0/21.jpg)
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
![ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI](http://zehinliler.com/_ld/5/587.jpg)
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...