Bitaraplyk — milli buýsanjymyz

Bitaraplyk — milli buýsanjymyz
Makalalar
07.12.2023, 19:25
231
0
Bitaraplyk — milli buýsanjymyz

​ ​ Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelen parahatçylyk ýörelgesi bu günki gün dünýä tarapyndan belent ykrarnama eýe bolýar. Muňa aýdyň nusga hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň iki gezek ykrar edilendigini aýratyn bellemek bolar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan edilmegi hem dünýä jemgyýetçiligiň halkymyzyň parahatçylyk ýörelgesine belent sarpasydygyny beýan edýär.​

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa, energetika we ulag ugurlarynda halkara işjeňligi, Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň halkara resminamalarda öz beýanyny tapmagy türkmen diplomatiýasynyň halkara hukugynyň, adamzat ösüşiniň möhüm şerti bolan parahatçylygyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine mynasyp goşant goşýandygyny şöhlelendirýär.

Bu babatda kabul edilen halkara resminamalar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ählumumy ösüşe hyzmat edýän oňyn netijelerini alamatlandyrýar. Energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmegiň, halkara ulag geçelgelerini döretmegiň, ulag-üstaşyr geçelgelerini toplumlaýyn ösdürmegiň syýasy we kanunçylyk taraplaryny şöhlelendirýän bu resminamalaryň kabul edilmeginde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we onuň taryhy maksadalaýyklygy aýratyn orny eýeleýär. Munuň özi, döwletimiziň baý uglewodorod serişdeleriniň dünýäniň energetika howpsuzlygynyň hyzmatyna goýmaga taýýardygynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni we gyzyklanmasyny barha artdyrýandygy bilen hem baglanyşyklydyr.

Ösüşiň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň diňe bir hyzmatdaşlyga däl-de, döwletleriň halkara gatnaşyklarynda dürli ugurlar boýunça öz üstüne alýan borçnamalaryň hem durmuşda ýerine ýetirilmegine esaslanýandygy häzirki wagtda hemmelere mälimdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde diňe bir özüniň halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek bilen çäklenmän, eýsem döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek babatyndaky energetika we ulag hyzmatdaşlygy arkaly halkara hukugynyň ösüşine hem mynasyp goşant goşýandygy buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi has-da belentde tutulýar. Munuň özi biziň her birimiziň kalbymyzda belent buýsanç döredýär, ýüreklerimizi joşdurýar. Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, dünýäde parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Maksat Işanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0