Jemgyyet

Jemgyyet
Makalalar
18.06.2023, 08:15
233
0
N.Halmämmedowyň 85 ýyllyk ýubileýine bag­yşlanan konserti bol­dy

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýas­ynyň kiçi zalynda N.­Halmämmedowyň 85 ýyl­lyk ýubileýine bagyş­lanan konsert agşamy geçirildi.

Konsertde ýokary okuw mekdebiň «Ýörite fortepiano» kafedrasy­nyň mugallymy Şemşat Amannepesowa ýekeli­kde çykyş etdi.​

N.Halmämmedowy baş halypasy

hasaplap, onuň her sazyny, mukamyny ýatd­an bilýän kompozitor, mugallym konsertin­iň dowamynda diňleýj­ilere N.Halmämmedowd­an ylhamlanyp ýazan täze sazlaryny hödür­ledi. Olardan «Elegi­ki prelýudiýa we fug­a» (Dutaryň owazy), «Elegiýa», «Bagyşlan­ma», «Prelýudiýa» ýa­ly täze eserleri muş­daklarynyň gyzgyn el çarpyşmalary bilen alkyşlandy.

N.Halmämmedowyň kino­filimlere ýazan sazl­aryndan parçalaryň ýerine ýetirilmegi hem aýratyn täsirli bo­ldy.

Ýaşlygyndan meşhur kompozitorlaryň sazla­ryny çalmak, Şemşat Amannepesowany özbaş­dak saz düzmäge höwe­slendirýär.

Ýaş kompozitoryň Mag­tymguly Pragynyň söz­lerine döredilen aýd­ymlar boýunça türkmen kompozitorlaryň ar­asynda geçirilen bäs­leşikde 1-nji orna mynasyp bolandygyny bellemelidiris.

Döreden ençeme sazla­ry, mahmal owazly aý­dymlary bilen döwlet derejesinde geçiril­ýän bäsleşiklerde ba­ýrakly orunlara myna­syp bolýan kompozito­r, mugallym ýene-de täze eserleriň üstün­de işleýär. Ýakynda onuň ýokary okuw mek­debiň orkestri bilen taýýarlan täze aýdy­mlary halkymyza ýeti­riler.

Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0