Iň uly uçar menzili

Iň uly uçar menzili
Makalalar
19.05.2023, 10:08
229
0
Iň uly uçar menzili

Saud Arabystanynyň “King Fahr” halkara howa menzili dünýäniň iň uly uçar menzilleriniň biridir. Bu howa menzili 1999-njy ýylda gurlup, ulanylmaga berildi. Şondan bäri her ýyl bu uçar menziliniň hyzmatyndan on milliondan gowrak adam peýdalanýar. Kyrk dört ýurda ugur alýan uçarlar otuz ýedi sany awiýakompaniýa degişlidir. Alty gatly esasy teminal binasynyň meýdany üç ýüz ýigrimi ýedi nüň inedördül bolup, on bäş sany giriş derwezesi we on bir sany uçara münüş köprüsi bardyr. Mundan başgada bir ýüz ýetmiş ýedi müň inedördül meýdandan ybarat bolan korol terminaly bolup, bu hökümet işgärleri we myhmanlar üçin niýetlenendir.

Gelýän we gidýän ýolagçylara hyzmat etmek maksady bilen bu ýerde ýörite restoranlar, banklarryň bölümleri, dürli harytly dükanlar ýerleşýär. Edil şonuň ýaly-da iki müň adama niýetlenen metjit hem bardyr.

Metbugat we internet materiallary esasynda taýýarlan:

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Ulugbek Erkinow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0