Türkmen gelin-gyzlarynyň hünäri

Türkmen gelin-gyzlarynyň hünäri
Makalalar
06.03.2023, 18:07
685
0
Türkmen gelin-gyzlarynyň hünärli gollarynyň keşdelän, nepisligi bilen göreni özüne bendi edýän tahýalary, gültahýalary barada halk arasynda birnäçe rowaýatlar döräpdir.

Gadym zamanlarda gum obasynda ýaşan oba kethudasynyň sekiz sany men diýen garadangaýtmaz ogly bolupdyr. Olaryň sekizisi hem edermenlikde, pähim-paýhasda oba ýigitlerinden saýlanypdyr. Şol döwürlerde oba häli-şindi ýagy çozup, ogul-olja, gyz-ýesir edilip talanar eken. Bir gün goňşy oba ýagy çozdy habary düşýär. Ony eşiden oba kethudasy ogullaryny ýygnap: «Kyýamat güni — goňşudan» diýlişi ýaly, goňşy oba kömek bermegimiz gerek!» diýip, olary oba ýigitleri bilen kömege ugradýar. Hiç wagt atalarynyň sözünden çykmaýan gerçek ýigitler desbi-dähel atlanýarlar. Ýöne ýakynda öýlenen körpe inileri ýaş gelniniň ýanyndan gussaly çykýar. Ýagy gaýtarylýar, ýow sowulýar, ýöne kethudanyň sekiz ogly hem şehit bolýar.

Ýene dünýäni lerzan edip, gök gübürdäp, ýagmyr ýagyp, bahar gelýär. Söýgüli ýarynyň zaryny çekýän, heniz perzent görmedik körpe gelin ýaz ýagmyryna buldurap çykan gämiklere, tebigatyň bütin barlygyna seredip, olary keşdä geçirmegi ýüregine düwýär. Ol meýdanyň ot-çöplerini, mör-möjekleriň yzlaryny synlap, olardan öz döretjek keşdelerine nusga alýar. Bugdaýyň sekiz sany dänesini alyp, keşdä geçirýär. Ilkinji dört sany keşdäni gara sapakda geçýär. Ol ony ýigitleriň keç ykbalyna meňzedýär. Beýleki dördüsini ak we sary sapakda keşdeleýär. Olary hem gerçek ýigitleriň durmuşda goýup giden yzlaryna meňzedýär. Soňra küren tutup oturan obasyny-da keşdä geçirmegi ýüregine düwýär. Gelin her gün guýa suw almaga gidende ädiktiker diýen möjegiň çäge alaňyndaky yzyny synlaýar-da, günleriň birinde öýüne gelip, ony süňşükde ýerine ýetirip görýär. Şeýlelikde, häzirki akgaýma tahýalarymyzdaky süňşük nagşy döreýär. Soňra ol kiçeňräjik agaç tabagyň tegeleginde tahýanyň depesini biçýär. Oňa ilki owunjak gaýmadan aýlap, süňşük nagşyny salýar. Soňra sekizkeşdäni we ýene-de süňşügi salýar. Şunlukda, tahýanyň depesi taýýar bolýar. Gelin oýlanyşyp, dört barmagyň inliliginde tahýanyň etegini biçýär. Etege sekiz keşdäniň ýarysy bilen ak süňşügi salýar welin, süňşük hatar tutup oturan küren obanyň keşbine meňzäp duruberýär. Tahýanyň depesem, etegi hem süňşükden başlanyp, soňra sekizkeşde we ýene süňşük aýlanýar. Depesinden galan soňky tegelegi sekiz bölege bölüp, sekiz doganyň hatar tutup oturan sekiz öýüne meňzedip içini keşdeläp doldurýar. Etek bilen depäni birikdiren ýerine hem çigme salýar

Körpe gelin daşarda çokaý tikip oturan gaýynatasynyň ýanyna baryp, tahýany geýip görmegi haýyş edýär. Atasynyň gapdalynda syn edip oturan gaýynagasynyň oglunyň gulagyna pyşyrdap: «Ataňa aýt, şu tahýa sekiz oglunyň keşbini geçirdim. Ol ataňa nesip etsin! «Goý, kyýamat ahyra çenli ymmatym başynda götersin» diýsin!» diýip haýyş edýär.

Şondan bäri körpe gelniň ýürek ýylysy, ajy aýralygyň ahmyry siňen akgaýmadyr gültahýalary pederlerimizdir ene-mamalarymyz nesilme-nesil, arkama-arka ýelden-Günden goraglap, nusgasyny ýitirmän, biziň günlerimize çenli ýetiripdirler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ mugallym Güljennet Sapargulyýewa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0