Aşgabatda «40 ädim» atly şahsy ýubileý sergi guralar

Aşgabatda «40 ädim» atly şahsy ýubileý sergi guralar
Makalalar
09.11.2023, 16:15
313
0
Aşgabatda «40 ädim» atly şahsy ýubileý sergi guralar

10-njy noýabrda Türk­menistanyň Döwlet çe­perçilik akademiýasy­nyň Sergiler jaýynda häzirki wagta çenli döredýän döwrebap eserleri bilen giňden tanalýan zehinli su­ratkeşleriň biri, Tü­rkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýa­synyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň dizaýn kafedrasynyň ussat mugallymy, Tür­kmenistanyň Preziden­tiniň yglan eden «Tü­rkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Amanmyrat Mo­dyýewiň «40 ädim» at­ly şahsy ýubileý ser­gisi açylar.

Oňa gatnaşjak myhman­lar serginiň dowamyn­da suratkeşiň döredi­jiligine mahsus haşa­mlylygy, döwrebap çe­perçilik äheňleri öz­ünde jemleýän natýur­mortlary, gözel türk­men tebigatyny şahyr­ana wasp edýän peýza­žlary, şeýle-de ata-­babalarymyzyň miras galan gymmatlyklary açyp görkezýän nakgaş eserleri, tematiki sahnalary şöhlelend­irýän täze eserleri synlap bilerler.

Amanmyrat Modyýewiň «40 ädim» atly şahsy sergisi 10-njy noýa­brda 15:00-da açylar.
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0