Makalalar

Makalalar
Makalalar
25.10.2023, 13:25
166
0
Kämil bilim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan bilim özgertmeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň ähli ösüşlerimiz dünýäniň tehnologik özgertmeleri bilen utgaşykly dowam etmelidir» diýen sözlerinden ugur alnyp, häzirki wagtda milli bilim ulgamyna sanly tehnologiýalar we kompýuter tilsimatlary işjeň ornaşdyrylýar.

Tehnologiýalaryň barha kämilleşýän we jemgyýetçilik ösüşiniň dowamly özgerýän döwründe ylmyň soňky gazananlaryny özleşdirmek hem-de şoňa laýyklykda, ýurduň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak wajyp mesele bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda hem bu hakda aýratyn nygtalyp geçildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi, dünýäniň bilim giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagy bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär» diýen sözleri bu ugurda döwrebap özgertmeleri amala aşyrmakda çelgi bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny milli tejribä, döwlet we halkara ölçeglerine laýyk getirmek hem-de Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak hakyndaky aýdanlary bilim işgärleriniň hoşallygyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem işjeň durmuşa geçirilýär.

Bu özgertmeler berkarar döwletimizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, kämil tehnologiýalardan baş çykarmagy ugrunda ägirt uly alada edilýändigine güwä geçýär.

Döwletgeldi Çarwaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0