Milli bahar ba

Makalalar
Milli bahar baýramy
Türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär. Biziň üçin uly ähmiýeti bolan şeýle baýramlaryň biri hem Nowruzdur.
Nowruz baýramy türkmen halkymyz tarapyndan uly dabara bilen bellenilýär. Ähli ýerde toý gazanlary atarylýar, naz-nygmatdan doly saçaklar giňden ýazylýar. Her kim özüniň täze tikinen egin-eşigini geýip, dogan-garyndaşynyka, dost-ýarynyňka, tanyş-bilişiniňkä görme-görşe barýar. Hemmeler biri-birini baýramçylyk bilen gutlaýar. Nowruz baýramçylygyna watandaşlarymyz zähmet üstünlikleri, toý serpaýlary bilen gelýär. Diýarymyzyň ähli künjeginde bu baýram mynasybetli aýdym-sazlar ýaňlanyp,dabaradyr çäreler guralýar
Nowruz dünýäniň ençeme halklarynyň,şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir.Baharda açylan gül-gülälegi,görmäge göz,taryplamaga söz gerek.Tämiz howanyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi,çagalaryň şat gülküsi,olara öz mährini siňdirýän mährem eneler,bägül dek açylan owadan gelin-gyzlarymyz baharyň gelşigidir.
Internet habarlary esasynda taýýarlanan
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Aysa Rahmanowa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...