Adam hem-de garynja

Adam hem-de garynja
Makalalar
22.03.2023, 18:53
454
0
Adam hem-de garynjalar

Bir gezek bir adam özüne hin gazýan garynjalary görüpdir. Ol adam sazlaşykly hereketi haýran galmak bilen synlaýardy: garynjalaryň biri şahajygy göterip getirse, beýlekisi oňa ýol arçaýardy, üçünjisi suw getirse, dördünjisi azyk tapyp getirýärdi, bäşinjisi bolsa ýene bir pişe bilen meşguldy...

― Garynjalar, size berekella diýäýmeli ― diýip, adam guwanç bilen seslenipdir.

― Biz ony bilýäris ― diýip, garynjalar jogap berip: ― Eýsem, sen kim? ― diýip, onuň özüne sowal beripdirler.

― Men adam. Janly-jandarlara seredende, has-da akylly ― diýip, ol jogap beripdir.

― Siz hem bize meňzeşmi? ― diýip, garynjalar oňa ýene sowal beripdirler. Şonda adam şeýle jogap beripdir:

― Hawa, birazajyk meňzeş. Biz — adamlar tebigatyň kanunlaryna akyl ýetirdik, ummanlaryň düýbüne baryp ýetdik, hatda Aýa-da gonduk. Biz belent jaýlary, şäherleri gurýarys.

― Onda siz hem öwgä mynasyp ekeniňiz ― diýip, garynjalar seslenipdirler, soňra bolsa şeýle diýipdirler: ― Ýöne, adam, sen şeýle pähimli bolýan bolsaň, näme üçin peýdaly iş bilen meşgul bolmagyň ýerine bu ýerde oturyp, garynjalar bilen söhbet edýärsiň?!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Agabaý Saparow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0