Tehnologi

Makalalar
Tehnologiýadaky täsinlikler
Ykjam telefonlary öndürmekde meşhurlyk gazanan “Nokia” şereketi öz geçmiş taryhyny gaty uzaklardan alyp gaýdýar. Ilki-ilkiler bu şereket kagyz önümçiligi bilen meşgullanyp gelipdir. Özem bu şereketiň düýbi 1865-nji ýylda tutulypdyr. Ol has soňraky döwürde telefon öndürmäge girişipdir. Şeýdibem şu günki “Nokia” telefonlaryň dürli görnüşlerini öndürip meşhurlyk gazanypdyr. Edil şeýle-de “Motrolla” telefonlaryny öndürýän şereketem geçen asyrda öz önümçiligini ýola goýupdyr. Has takygy ilkinji motorolla telefony 1973 – nji ýylda döredilipdir. Ony Amerikaly Marten Kuper diýen biri oýlap tapypdyr. Ol ilkinji gezek öz döreden ykjam telefonyndan Nýu-Ýorkuň köçeleriniň birinden jaň edip görüpdir. Bu jaň üstünlikli amala aşypdyr. Şeýdibem dünýäniň ýüzünde “Motorolla” şereketi ilkinji gezek öz telefonlaryny öndürmäge başlapdyr.
Metbugat materiallary esasynda taýýarlan:Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn mugallymy Döwletmyrat Ataýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...