Türkmen sungaty dünýä ýaň salýar

Makalalar
Türkmen sungaty dünýä ýaň salýar
Dünýa ýurtlarynda türkmen medeniýetini ýaýratmak işleri hyjuwly dowam edýär. Doganlyk-dostluk ýörelgesinden ugur alýan ýurdumyzyň sungat ussatlary Koreýa respublikasynyň Seul şäherinde çykyş etdiler. Has takygy 29-njy martda Seul şäherinde Türkmenistanyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabara ilki bilen Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat bilen başlandy. Maslahatda akyldar türkmen şahyrynyň döredijiliginiň umumyadamzat edebi mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi aýratyn nygtaldy. Çykyşlarda şahyryň döredijiliginiň köptaraply ugurlary barada durlup geçildi.
Dabaranyň çäklerinde türkmen milli amaly-haşam we şekillendiriş eserleriniň sergisi guraldy. Soňra dabara iki ýurduň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.
Metbugat materiallary esasynda taýýarlan:
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Şyhmyrat Meläýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...