Okuwlar tejribe bilen utgaşdyrylýar

Okuwlar tejribe bilen utgaşdyrylýar
Makalalar
05.12.2023, 23:12
311
0
Okuwlar tejribe bilen utgaşdyrylýar

Ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýar. Durmuşyň ähli ugurlary bilen bir hatarda ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi üçin edilýän atalyk alada öz miwelerini berýär. Şu babatda bilim ulgamynyň eýe bolan ösüşleri biziň kalbymyzy buýsanja doldurýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary hem alan bilimlerini önümçilik tejribeleri bilen baýlaşdyryp, ýurdumyzyň durmuşynda dowam edýän şanly ösüşlere öz mynasyp goşandyny goşýarlar. Bilim tejribe bilen kämillige eýe bolýar.

Döwrümiziň ägirt uly sebit ähmiýetli gurluşyklarynyň biri hem “Aşgabat - Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygydyr. Institutymyzyň Ýol gurluşygy fakultetinde bu gurluşygyň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, talyplar bilen ýörite tejribe okuwlary geçirilýär. Golaýda talyplar bu möhüm ähmiýetli gurluşygyň dowam edýän böleklerinde bolup, meýdan okuwlaryny geçip, şol aýratynlyklar bilen tanyş boldular. Olar şonda bu gurluşygyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetiniň öz paýyna düşen 203-312-nji kilometr aralygynda alyp barýan işleri bilen iş üstünde tanyşdylar. Netijede talyplar türkmen gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýan işleri öz gözleri bilen görüp, onuň aýratynlyklary bilen gyzyklandylar.

Elbetde, ýol gurmak sogaply iş. Ýöne onuň özboluşly aýratynlyklary bar. Talyplar ýoluň dowamynda gabat gelýän öwrümleriň, geçelgeleriň we beýleki ýol gurluşygyna degişli her bir desganyň gurluşygynyň dünýäniň ösen derejesinde alnyp barylýandygyny gördüler. Ýoluň ugrunda möhüm bolan desgalaryň, ýagny, kiçi dynç alyş meýdançalarynyň, dynç alyş zolagynyň, trompet görnüşli çatryklaryň, kiçi töleg terminalynyň, ulag serişdelerine hyzmat ediş nokatlaryň, ideg merkezleriniň her biriniň gurluşygynyň gidişini içgin öwrendiler. Ylaýtada demir ýol üsti köprüleriň, awtomobil ýol üsti köprüleriň, derýa üsti köprüleriň gurluş aýratynlygy, bu ugurdan alnyp barylýan işleriň täsinligi talyplarda uly täsir galdyrdy. Ýol gurluşygynyň her bir ädiminiň gurluşygy üçin näçeräk zähmet çekilýändigi olary has-da gyzyklandyrdy. Şeýle utgaşykly alnyp barylaýn okuw tejribe sapaklary talyplaryň alan bilimlerini tejribe arklay berkitmekde, olaryň giň dünýägaraýşyny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Sözümiziň soňunda şeýle giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çäksizdigini aýdasymyz gelýär.

Ýolly Myradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0