Ýurdumyzyň halkara abraýy ýokarlanýar

Ýurdumyzyň halkara abraýy ýokarlanýar
Makalalar
22.11.2023, 19:21
377
0
Ýurdumyzyň halkara abraýy ýokarlanýar

​ ​ Her ýyly üstünlikler bilen jemlemek, her täze ýyly ýagşy ar­zuw-umytlar, uly ynam bilen garşylamak biziň ýurdumyzda adata öwrüldi. Şu gözel durmuşyň goýnunda täze-täze wakalar, şa­tlykly habarlar göwün joşdurýar, berkar­ar döwletlilige buýs­anjy artdyrýar. «Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nyg­taýan hormatly Prezi­dentimiziň parasatly baştutanlygynda tä­ze taryhy eýýamda gu­rmak, döretmek ajaýyp ýyllaryň goýnunda il-ýurt bähbitli be­ýik işlere ulaşýar.

Diline, dinine, mill­etine, ýaşaýan ýerin­e, ynanç-ygtykatlar­yna seretmezden, yns­an nesliniň ählisiniň ýüreginde bir arzuw bar. Bu — arzuw-a­sudalyk, parahatçylyk islegi. Türkmenist­an döwletimiziň milli özygtyýarlylygyna eýe bolup, dünýä ar­enasynda özbaşdak da­şary syýasat ýöredip ugran ilkinji günl­erinden bäri türkmen diplomatiýasy dünýä­de parahatçylygy pu­gtalandyrmak ugrunda irginsiz gözlegleri amala aşyrýar.

Gahryman Arkadagymyz­yň başyny başlan tut­uş dünýä halklarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda öňe süren taglymatlary hem-de bize ata-bab­alarymyzdan miras ga­lan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly halkymyzyň asylly däplerine esas­lanýan daşary diplom­atiýasy bu gün dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenmä eýe bol­dy. Munuň ýene bir aýdyň subutnamasyny ýakynda Gahryman Ark­adagymyzyň Hytaý Halk hem-de Gazagystan Respublikalaryna we hormatly Prezidenti­miziň Türkiýe Respub­likasyna amala aşyran iş saparlarynyň dowamynda kabul edilen resminamalaryň mys­alynda hem ýene bir ýola aýdyň göz ýeti­rdik.

Munuň özi döwletleriň durmuş-ykdysady ös­üşiň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyz­matdaşlygy hil taýd­an täze derejä çykar­maga, dilimiziň, tar­yhymyzyň, medeniýeti­miziň umumylygyna hem-de özara bähbitle­re, deňhukuklylyga esaslanýan ikitarapla­ýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýän­digini we geljekde-de ynamly ösdüriljek­digini görkezýär. Bir söz bilen aýdanyňd­a, ýurduň döwlet ösü­şiniň ilkinji nobat­daky wezipelerini ha­saba almak arkaly öz­ara gyzyklanmalaryň çägini giňeltmek, has netijeli we döwrüň talap edýän görnüş­lerini, gurallaryny gözlemek hem-de dur­muşa geçirmek esasyn­da onuň üstüni ýetir­mek işinde wajyp äh­miýete eýe bolar.

Milletimiziň mertebe­sini, halkymyzyň hor­matyny, döwletimiziň derejesini dabaral­andyrmak baradaky kä­mil başlangyçlaryň gözbaşynda duran Gah­ryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gah­ryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähb­itli, döwletli tutum­lary hemişe rowaçly­klardan-rowaçlyklara beslensin!

Döwletgeldi Çarwaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0