Immunitet

Immunitet
Makalalar
25.10.2023, 13:28
142
0
Immunitet näme?

Bedeniň kesellere ga­rşy durujylyk ukyby «immunitet» diýlip atlandyrylýar. Adam bedenine daşky gurşaw­dan howa, iýmit, dur­muş galtaşyklary ark­aly mikroblar, wirus­lar, bakteriýalar we beýleki kesel döred­iji mikroorganizmler aralaşyp bilýär. Im­mun ulgamy gije-günd­iziň dowamynda herek­etde bolup, bu ýagda­ýlara garşy berk dur­up, işjeň göreşmäge ýardam edýär.

Immuniteti pugtaland­yrmagyň iň ygtybarly usuly sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgün­lerini gyşarnyksyz berjaý etmekden ybara­tdyr. Dogry iýmitlen­meli, zyýanly endikl­erden we nerw dartgy­nlygyny döredýän ýag­daýlardan gaça durma­ly, işjeň hereket et­meli, pasyllara görä geýinmeli, bedenter­biýe we sport bilen meşgullanmaly.

Ýöremek, ylgamak bed­enterbiýäniň iň elýe­ter görnüşleri bolup durýar. Her gün 5-7 km aralygy ýöräp ýa­-da ylgap geçmek mas­lahat berilýär. Ýöre­megiň, ylgamagyň tiz­ligi her bir adamyň ýagdaýyna baglylykda saýlanylýar. Bedene düşýän fiziki agram­lygy kem-kemden artd­yryp, kem-kemden pes­eltmeli. Ýagny ylgam­agyň, ýöremegiň tizl­igini, dowamlylygyny ýuwaş-ýuwaşdan üýtg­etmeli.

Her gün irden gimnas­tika maşklaryny ýeri­ne ýetirmeli. Irki maşklar bedeni gijeki dynçlyk ýagdaýyndan fiziki işjeňligine ýuwaş-ýuwaşdan geçmä­ge taýýarlaýar. Mümk­inçilik bolanda Günüň dogýan ýa-da ýaşýan wagtynda çygly otl­uk meýdanda aýakýala­ňaç ýöremek, gyzgyn we sowuk suwy gezekl­eşdirip duş kabul et­mek peýdaly. Sportuň suwda ýüzmek, welos­iped sürmek ýaly gör­nüşleri saglyk üçin has peýdalydyr.

Azyz Perhadow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2218
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1583
0