Sanly bilim ulgamy — ösüşleriň binýady

Sanly bilim ulgamy — ösüşleriň binýady
Makalalar
22.11.2023, 19:27
439
0
Sanly bilim ulgamy — ösüşleriň binýady ​

​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlarymyzyň döwür bilen aýakdaş bolup, kämil bilim goruna eýe bolmagy, ylym bilen meşgullanmagy we kämilleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimizde ýaşlara berilýän ylym-bilimiň hilini ýokarlandyrmakda ýokary depginli işler amala aşyrylýar. Çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplere, ýokary okuw mekdeplerine, ylmy-barlag edaralaryna çenli ylmyň iň soňky gazananlaryna daýanýan tehnologiýalar, innowasiýalar ornaşdyrylýar.

Berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň täze tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýändikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde hem ýaş hünärmenleriň biliminiň, başarnygynyň ýokary derejede bolmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgeleri üstünlikli ösdürilýär. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar bilim ulgamyna ýokary depginde ornaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dürli ugurlary öz içine alýan kämil hünärmenler taýýarlanýar, okatmagyň multimedia-interaktiw usullary ýola goýulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylym-bilimiň mundan beýläk hem ösdürilmegini, halkymyzyň asylly ýörelgesini dowam etmegi esasy ugurlaryň biri edip goýýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylmyň iň täze gazananlary, tehnologiýalar ylym-bilim ojaklaryna berk ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri has-da artýar.

Bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Kerim Ataýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0