Milletiň hakydasynyň hatyralanýan ýeri

Milletiň hakydasynyň hatyralanýan ýeri
Makalalar
03.10.2023, 22:57
306
0
Milletiň hakydasynyň hatyralanýan ýeri

​ Ilimizde ynsan hatyrasyny saklamak ýörgünli däpleriň biri hasaplanýar. Oňa Aşgabady etekläp oturan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baranyňda, has-da içgin göz ýetirýärsiň. Bu ýerde elleri ter gül desseli paýtagtlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, ýaşuly nesiller hem-de ýaşlar sap-sap bolup, öten-geçenleri hatyralaýarlar. Şonuň üçin hem, her ýylyň 6-njy oktýabrynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy köp adamly bolýar.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda «Ruhy tagzym», «Baky şöhrat», «Milletiň ogullary» ýadygärliklerinden başga-da, Ýarymaý şekilinde «Watan mukaddesligi» muzeýiniň binasy bar. Muzeýde türkmen halkynyň baý taryhy, milli medeniýeti, däp-dessurlary, Garaşsyzlyk ýyllaryndaky gazanan ösüşleri bilen giňişleýin tanyşmak bolýar.

Muzeýiň binasy bilen bilelikde ýadygärlikler toplumynda Hatyra güni sadaka bermek üçin ähli zerurlyklar göz öňünde tutulan 3000 orunlyk sadaka binasy muzeýiň arka tarapynda ýerleşdirilendir.

Topluma barmak üçin Bekrewe ýolunyň ugrunda 4 ýerde ýerasty geçelge göz öňüne tutulandyr. Toplumyň iki tarapyndan Bekrewe ýolundan aýlawly awtomobil ýol hereketi bolup, şol ýerden awtomobil ulaglary üçin toplumyň daşyndan ýol çekildi. Şeýlelikde topluma iki tarapdan hem awtomobil ulaglary üçin ýol gurnaldy.

Toplumda jemi 1000 awtoulaga niýetlenen 4 awtoduralga bar. Awtoduralgalaryň ikisi toplumyň günbatar tarapynda. Olaryň her biri 125 awtoulaga niýetlenendir. Toplumyň gündogar tarapynda Bekrewe ýolunyň ugrunda bolsa her biri 375 awtoulaga niýetlenen 2 awtoduralga guruldy.

Mundan başga-da, ýadygärlikler toplumynda suw çüwdürimler bolup, olaryň töwereginde içi gülli aýmançalar gurlup, owadan çyralar we oturgyçlar oturdyldy. Toplumda oturdylan çyralar gijelerine oňa özboluşly öwüşgin çaýyp, ýadygärligi has-da gözel görnüşe besleýär.

Berdimyrat Almazow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0