Nowruz – milli bahar baýramy

Nowruz – milli bahar baýramy
Makalalar
13.03.2023, 18:38
340
0
Nowruz – milli bahar baýramy

Täze bir günüň başlangyjy hökmünde şöhllelenip, Gündogar halklarynyň arasynda gadymdan bäri yzygiderli bellenilip gelýän nowruz baýramy türkmen halkynyň hem milli baýramydyr. Her bir zatdan ýagşylyk gözleýän ata-babalarymyz bu baýrama-da ýagşy niýetlerini siňdirmegi başarypdyrlar.

Bu günki gün halkara derejesini almagy başaran Halkara Howruz baýramy ýer ýüzünde doganlygyň dostlugyň baýramyna öwrüldi. Baýramçylyk mynasybetli adamlar biri-birine duşuşanlarynda gowy arzuwlary aýdýarlar. Diňe adamlaryň arasynda däl-de dürli aralykda goňşy ýaşaýan halklaryň, milletleriň arasynda hem bu baýramçylyk birek-birege gowulyklary arzuw etmegiň däbini dowam etdirýän baýramçylyga öwrülip gitdi.

Bu baýramçylygy her ýyl yzygiderli bellemegi dowam edýän halkymyzda Nowruz bilen bagly birnäçe ýagşy yrymlar hem milli aýratynlyklar bardyr. Nowruzda ýaýla çykylmagy çarwaçylykdan gözbaş alyp gaýdýan däp bolmaly. Çarwalar Nowruzyň gelmegi bilen mallaryny ýaýla sürüp, ýazlaga çykypdyrlar.şondan bäri bolsa Nowruzy ýörite sähra çykyp bellemek däbe öwrülipdir.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Türkmen döwlet ykdysadyyet we dolandyryş institutynyň talyby Göwher Muhammetnurowa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0