Bilim ulgamy ösüşde

Bilim ulgamy ösüşde
Makalalar
19.05.2023, 09:35
232
0
Bilim ulgamy ösüşde

Ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda ylym-bilim ul­gamlarynda hem innow­asion tehnologiýalar­yň ulanylmagyna uly üns berilýär. Häzirk­izaman maglumatlar ulgamynda kompýuter tehnologiýasy, awtoma­tlaşdyrylan dolandyr­yş we mikroprosessor tehnikasy giňden ul­anylýar. Hut şonuň üçin hem häzirki döwü­rde Arkadagly Serdar­ymyzyň ýolbaşçylygyn­da ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş ulg­amlary, dolandyryş edaralary, ykdysady pudaklar maglumat til­simatlarynyň soňky gazananlary bilen üpj­ün edilýär.

Öňdebaryjy tehnologi­ýalaryň ornaşdyrylma­gy esasynda bilim ul­gamyny çalt depginler bilen ösdürmek ile­ri tutulýan möhüm ug­ur bolup durýar. Kom­pýuter tehnologiýasy­nyň ýola goýulmagy her bir hünärmeniň, okuwçynyň, talybyň ok­uwy üçin zerur bolan maksatnamalary özle­şdirmegine, resminam­alaryň kagyz görnüşi­nden elektron görnüş­ine geçilmegine, mag­lumatlaryň degişli ulgamda uzak wagtlap saklanmagyna, olary alyşmagyň tizliginiň ýokarlanmagyna ýard­am edýär.

Sapaklarda talyplary­ň, okuwçylaryň mowzu­klary düýpli özleşdi­rmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňelme­ginde, beýan ediş uk­ybynyň ösmeginde, dö­redijilikli, özbaşdak işlemegi öwrenmekl­erinde multimediýa tehnologiýalarynyň hy­zmaty uludyr. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýörite geçirilýän sapaklar üçin taýýarlanylan slaýdlarda şekilleri­ň, maglumatlaryň ber­ilmegi ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Sapaklar multimediýa tehnologiýalary bi­len guralanda, ýaşla­ryň geçilýän mowzuga içgin düşünýändigin­i, ýadynyň, ünsüniň işjeňleşýändigini we döredijilik başarny­klarynyň ösýändigini görmek bolýar. Şeýl­e-de bu usul bilim işgärleriniň dörediji­lik mümkinçiligini ýokarlandyrýar, olara wagtlaryny tygşytla­maga ýardam berýär.

Daşoguz welaýatynyñ Daşoguz şäherindäki 27-nji yöriteleşdirilen orta mekdepiniñ mugallymy Mawlyuda Igamberdyýewa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0