Tymsallar

Makalalar
Derek
Suwuň gyrasynda ösen Deregi güýçli şemal goparyp gitdi. Oňa:
—Daş-töweregiňe gol ýaýradyp, çybyklaryňy ösdürýänçäň, ýere çuňrak kök urmaly ekeniň — diýdiler.
Gül
Gülden:
—Saňa tiken näme üçin gerek? — diýip soradylar.
—Herki zada el uzadýanlara temmji bermek üçin-dä — diýip — gül jogap berdi.
Nal
Naldan:
—Sen bagt getirýärmişiň, şol dogrumy? — diýip soradylar.
— Şeýlemi, dälmi, bilemok, ýöne tulparlary sag-aman öz menziline ýetirýärin. Belki, bu bagtdyr — diýip, Nal jogap berdi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Çemen Annageldiýewa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...