Arkadag şäheri geljegiň şamçyragy

Arkadag şäheri geljegiň şamçyragy
Makalalar
04.07.2023, 18:08
238
0
Arkadag şäheri geljegiň şamçyragy

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy öz täsinligi bilen ony görenlerde, synlanlarda, bu çärä gatnaşanlarda uly hem ýakymly täsir galdyrdy. Bu dabaranyň owazasy älem içre ýaýrady. Häzirki zamanyň iň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan şäher özüniň tazeçillik gurluşy bilen dünýäniň binagärlik ulgamynda nusgalyk şähere öwrüldi. Bu ýerde gurlan edara-kärhanalara we medeni maksatly binalaryň, şol bir wagtyň özünde hem adamlaryň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluş aýratynlygy iki hili gözelligi özünde jemleýär. Olaryň biri häzirki zamanyň ösen derejeli binagärlik şekillerini özüne siňdirmek bilen ikinjisi bolsa milli aýratynlyklaryň nazarda tutlmagydyr. Munuň özi iki sany gözelligiň utgaşmagy bilen döredilen täsin sungat eserini ýadyňa salýar.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny öz çykyşynda aýdypdy. Munuň özi bu akylly şäheriň ýaşaýyş düzüminde geljegimiz bolan ýaşlaryň ornunyň has aýratyndygyny aňladýar. Şonuň üçinem Arkadag şäherine geljegiň şamçyragy diýip, sözüň doly manysynda aýdyp bileris.

Entek dowamly gurluşyklarynyň täsinlikleri bilen dünýä ýaň saljak bu akylly şähere we onda işlemäge, ýaşamaga mümkinçilik gazanýanlara uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Merdanmuhammet Durdymyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0