Bilimli il ozar

Bilimli il ozar
Makalalar
17.10.2023, 19:29
474
0
Bilimli il ozar

​ ​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jennet mekanyna öwrülýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary şu ajaýyp döwrümiziň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Ylaýta-da, ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada, olary dünýäniň ösen bilimli, ylymly ýaşlarynyň hataryna goşmak baradaky ynam döwletimizde esasy orunda durýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen interaktiw usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işe döwlet derejesinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Pederlerimiziň «Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar» diýen pähiminden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ýurdumyzyň ösüşiniň hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlarynyň barha kämilleşdirilmegi we Türkmenistanyň at-abraýynyň belende göterilmegi ugrunda aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Merdan Akmyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0