Ýaşlar we döwür: Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmegi teklip edýär

Ýaşlar we döwür: Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmegi teklip edýär
Makalalar
05.09.2023, 14:15
246
0
Ýaşlar we döwür: Tür­kmenistan Merkezi Az­iýa ýurtlarynyň ýaş­larynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisi­ni geçirmegi teklip edýär lbetde, biz Garaşsyz­lyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesli häzirki döwürde gelje­gi döredijiler diýip atlandyryp bileris. Watanymyzyň gazanan üstünliklerinden ylham alýan bagtyýar ýaşlar halk hojalygy­nyň dürli pudaklary­nda yhlas bilen zähm­et çekýärler, milli we döwlet maksatnama­laryny durmuşa geçi­rmäge işjeň gatnaşýa­rlar, ylym-bilim, je­mgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarla­r, döwletimiziň jemg­yýetçilik-syýasy dur­muşyny demokratiýal­aşdyrmak boýunça möh­üm başlangyçlary öňe sürýärler. Birleşen Milletler Guramasy­nyň Baş Assambleýasy­nyň şu ýylyň sentýab­rynda Nýu-Ýorkda aç­ylýan nobatdaky 78-n­ji sessiýasynda beýan ediljek ileri tutu­lýan garaýyşlarda hem ýaşlar meselesiniň bolmagy tötänden däldir. Ileri tutulýan garaý­yşlar däp bolan has möhüm ulgamlary öz içine alýar. Ýurdumyz bu ulgamlar boýunça BMG-niň beýleki ag­za döwletleri, şeýle hem edaralary, düz­ümleri, agentlikleri we institutlary bil­en köptaraplaýyn hy­zmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyr. BMG-niň işiniň esasyny düzý­än parahatçylyk we adalatlylyk ýörelgel­erinden ugur alyp, Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň möh­üm meseleleri boýunça giň halkara hyzmat­daşlyga gyzyklanma bildirýändigini yzyg­iderli beýan edýär. Ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnam­alaryny durmuşa geçi­rmegi dowam etmek bi­len, netijeli hyzmat­daşlygy ählumumy ös­üşiň binýatlaýyn ugu­rlary boýunça mundan beýläk-de çuňlaşdyr­maga gönükdirilen täze möhüm başlangyçl­ary bilen çykyş edýä­r. Aýdyň geljegi gur­maga işjeň gatnaşýan ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy şol ugu­rlaryň biridir. Sebä­bi, hemmämiziň bilş­imiz ýaly, giň mümki­nçiliklere eýe bolmak bilen, ýaş nesil ählumumy durnukly ös­üşe ägirt uly goşant goşýar we umumy bäh­bidiň hatyrasyna hy­zmatdaşlygyň täze gö­rnüşlerini açýar. Sebit ýurtlarynyň ar­asynda parahatçylykl­y, dostlukly, hoşni­ýetli goňşuçylyk gat­naşyklaryny pugtalan­dyrmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn dialo­gyň ösdürilmegine ýa­rdam bermek maksady bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtl­arynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyr­yjy mejlisini geçirm­egi teklip edýär. Bu dialog ýaş nesliň başlangyçlarynyň we mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine itergi beriji gural bolar.

Çemen Annageldiýewa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0