Döwrebap tehnologiýaly bilim ojagy ​

Döwrebap tehnologiýaly bilim ojagy  ​
Makalalar
08.09.2023, 16:26
251
0
Döwrebap tehnologiýaly bilim ojagy ​

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tarypy dünýä ýaňlanýan, raýatlarynyň sarpasy perişdä deňelýän Ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýär. Sabalarymyzy bagtyýar çagalaryň gülküsi, mährem eneleriň hüwdüsi, ak sakgally gojalaryň pähimi garşy alýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda ýaşlaryň netijeli okamagy, göwnejaý bilim almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda galkynýan ýurdumyzda milli ylym ulgamy günsaýyn däl-de, eýsem, sagatsaýyn, minutsaýyn özgerip barýar. Bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary hilli bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, gözellik babatda gözüňi dokundurýan bilim ojaklarynyň ​ ýene biri-de ​ Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutydyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda onuň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny ýurdumyzda örän uludyr. Diýarymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda ylym-bilim pudagynyň ösüş derejesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren eşretli zamanasynda halkymyzyň günsaýyn ösýän durmuşy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, syýasatynyň oňyn özgertmeleri, saglyga, medeniýete berilýän üns adamlaryň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşaýandygyndan habar berýär

Orazmämmet Guwançgeldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0