Bitaraplyk

Bitaraplyk
Makalalar
30.11.2022, 22:37
924
0
Bitaraplyk baky bagtyň nyşany

Türkmen bitaraplygynyň özboluşly aýratynlygy bar. Çünki onda türkmen halkynyň millet hökmünde kemala gelen gününden başlap, ýagşy niýetlere ýügrulan niýeti öz beýanyny tapandyr. Ol ýagşy niýetler dünýä jengyýetçiligi tarapyndan ykrar edilip, uly goldawa mynasyp boldy. Netijede 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assembleýasynyň ýörite Kararnamasy, 185 döwletiň bir agyzdan goldamagy bilen kabul edildi. Şeýlelikde dünýäde ilkinji gezek BMG-niň Baş Assembleýasy tarapyndan ykrar edilip, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” baradaky Kararnama kabul edip, Türkmenistana Bitarap döwletiň hukuknamasy berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna gelmegi bilen bu ugur has ösdürildi. Netijede 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assembleýasynyň 69-njy mežlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” baradaky Kararnama ikinji gezek tassyk edildi. Bu başlangyç has ösdürilip, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assembleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek baradaky Kararnama hem kabul edildi. Soňra BMG-niň Baş Assembleýasy türkmen tarapynyň başlangyjyny goldamak bilen “021-nji ýyly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip, Kararnama esasynda yglan etmegi hem möhüm ähmiýete eýe boldy.

Ata-baba dowam edip gelýän bu ýagşylyga ýugrulan ýörelge Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ösdürilip, ýurdumyz doganlygy-dostlugy rowaçlandyrýan ýurda öwrülýär. Muňa mysal edip, türkmen-özbek dosluk günlerini, Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň açylmagyny görkezip bolar. Şeýle asylly däpleri ösdürýän, dünýä türkmeniň ýagşy niýetini ýaýýan Gahrymanyň Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza belent başlarynyň aman bolmagyny,tutýan tutumlarynyň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn mugallymy Ybraýym Gurbanow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0